Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 8-nji awgustynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.

        Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

«Watana söýgi, geçmişiňe buýsanç, şu günüňe guwanç, geljegiňe ynam şanly taryhy geçmişden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin her bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini – milli buýsanjyny çuňňur bilmelidir».

2018-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy ýurduň geçmişini, şu günki gününi we geljegini baglanyşdyrýan, dünýäniň halklary bilen alnyp barylýan medeni gatnaşyklary täze taryhy derejä gönükdirýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny tutuş dünýäde toplumlaýyn öwrenmeklige we giňden wagyz etmeklige itergi berýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna şaýatlyk edýän gadymy arheologiýa tapyndylary özünde jemleýän muzeýler üçin, bu ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Ol taryhy gymmatlyklary aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, şeýle hem her bir raýat üçin elýeterliligini üpjün etmek muzeýleriň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär.

Muzeý islendik adama gutarnykly maglumat berýän ýokary mekdepdir. Muzeýleriň maksady adamlary medeniýetlilige ugrukdyrmakdan, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halka söýgi döretmekden ybaratdyr. Muzeýleriň adamlara öz halky, öz ýurdy, onuň tebigaty, taryhy, ýaşaýyş-medeniýeti barada bilim we düşünje bermek bilen jemgyýeti terbiýelemekde, olaryň bilimini, düşünjesini artdyrmakda, medeniýetli dynç almaklarynda ýardamy uludyr.

Mälim bolşy ýaly, köki alys geçmişiň müňýyllyklaryna siňip gidýän türkmen halkynyň baý taryhy bar. Ýurdumyzda ýerleşýän muzeýleriň gaznalarynda Türkmenistanyň taryhy ýerlerinde tapylan muzeý gymmatlyklarynyň, maddy we ruhy gymmatlyklaryň, tebigata degişli gymmatlyklaryň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň seýrek nusgalaryny saklamak bilen olar ylmy taýdan hem öwrenilýär.

Muzeýiň işgärleri muzeýe gelýän adamlar bilen, pudak edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşyklary, okuwçylar we talyplar bilen bäsleşikleri gurnamak ýaly işleri alyp barýarlar. Ol işler zähmet we ahlak terbiýeçilik işleriniň jebisleşmegine getirýär, has dogrusy halky we ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek işiniň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegini amala aşyrýar. Muzeýlerde bilim we terbiýeçilik işi ylma esaslanyp gurnalýar. Bu işler taryh ylmynyň gazananlary bilen üsti ýetirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznahanalarynda Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan täsin tapyndylar saklanýar. Şol tapyndylary görkezmek hem-de halky tanyşdyrmak maksady bilen, «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy. Sergide esasan Türkmenistanyň taryhyna we etnografiýasyna degişli gymmatlyklar görkezilýär. Ol gymmatlyklar döwürleriniň yzygiderliligi boýunça ýerleşdirilip, şol döwürleriň şaýady bolan arheologiki tapyndylar serginiň esasyny düzýär. Etnografiýa degişli gymmatlyklar türkmen halkynyň maddy-medeniýetinden, ýaşaýyş durmuşyndan habar berýär.