Baş kanunym, ýaşyl baýdagym – halkymyň goşa buýsanjy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Baş kanunym, ýaşyl baýdagym – halkymyň goşa buýsanjy» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamaga isleg bildirýänleriň ählisini 2018-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 15:00 çagyrýar.

18-nji maýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bilelikde bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň döwletimiziň Baş kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisinde-de öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwrebap, halkara hukukda ykrar edilen konstitusion döwlet gurluşy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary, olaryň hukuk goragynyň kepillikleri, halkyň milli we umumadamzat gymmatlyklar ulgamy jemlenýär.

Döwlet baýdagymyzyň baky ýaşaýşy we döredijiligi aňladýan ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden pasyrdaýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň uly abraýydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Baş kanunym, ýaşyl baýdagym – halkymyň goşa buýsanjy» atly sergi gurnaldy.

Sergi muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň portretine, Döwlet baýdagymyza, Döwlet gerbimize, olar hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmelere serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Ondan başga-da, türkmenleriň guran birnäçe döwletiniň, has takygy, oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň baýdagyny, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Awşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle hem, sergide baýdak baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyklarda düşürilen fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergimizde hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, Garaşsyzlygymyzyň ösüş esasyny wasp edýän, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezilýär.