Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2018-nji ýylyň 19-njy aprelinde sagat 15:00-da Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli gurnalan “Beýik ýüpek ýoly bilen baglanşykly türkmen halk senetçiligi” atly okuw maslahatyna we oňa bagyşlanyp gurnalan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini myhmançylyga çagyrýar.
Türkmen halkynyň amaly haşam sungaty baý we köpugurlydyr. Onuň haly sungaty, zergärçilik sungaty, dokmaçylyk we keçeçilik ýaly görnüşleri mälimdir. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň halkymyzyň taryhyny medeni mirasyny öwrenmeklige uly üns berilýär.
Halyçylyk sungaty iň gadymy milli sungatlaryň biridir. Muňa birnäçe taryhy tapyndylardyr, ylmy maglumatlar hem güwä geçýär. Haly dokamak sungaty ýarym çarwa we oturymly halklaryň arasynda ýüze çykypdyr. Haly we haly önümleri türkmeniň durmuşy bilen berk baglydyr. El haly önümleri bilen türkmen öýüni, atyny, düýesini, durmuş esbaplaryny bezäpdir. Hatda otdan gyzgyn gazany düşürmek üçin tutajy hem halydan dokapdyrlar. Halyçylykda gadymdan ýörgünli bolan tebigy boýaglary ulanmak halylara göze ýakymly täze öwüşgin berýär.
Keçe etmeklik hem gadymdan bäri däp bolup gelýär. Türkmen keçeleri owadanlygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Türkmeniň gurama ak öýüniň “eşigi” hem keçeden edilipdir. Olara serpik, üzük, durluk ýaly keçe önümleri degişlidir. Şeýle-de, ýüňden dürli görnüşli örülen önümler hem taýýarlanypdyr. Olara ellik, jorap, guşak ýaly önümler degişlidir.
Häzirki döwürde dokma senagatynyň has ösendigine garamazdan türkmenlerde häli-bu güne çenli elde mata dokamaklyk däbi saklanyp gelýär. Gadymy taryhy ýazuw çeşmelerde “Х asyrda türkmenler öz mallaryny satyp Merwden nah we ýüpek matalary satyn alýarlar. Merw halky “kazin” we “mülham” atly matalary dokapdyrlar. Ahal we Murgap oazislarynda ýaşaýan türkmenler “gyrmyzy keteni” atly matalary dokap, Günbatar we Demirgazyk Türkmenistana ýaýradandyklary bellenýär. Biziň şu günlere gelip ýeten gyrasyndan sary zolak geçýän gyrmyzy, oraýany, ýaşyl, gök ketenilerimiz gadymdan bäri bütin dünýä belli ekeni. Ketenilere syn edeniňde gyzyl çog bolup oturan gülälekleri jähekläp oturan sary çopantelpekli peller, göm-gök bolup oturan jümjüme gülli meýdan ýadyňa düşýär. Dokmaçylyk senedinde ulanylýan iş gurallary özleriniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Iş gurallary ýasamak üçin berkligi bilen tapawutlanýan erik we tut agaçlary ulanylypdyr. Milli matalar köplenç gurluşy çylşyrymly bolmadyk tara diýen gurallarynda dokalýar. Taranyň öz ýönekeýligini asyrlar boýy saklaýşy ýaly, milli mata dokalyş däpleri hem gadymdan bäri üýtgewsiz dowam edip gelýär. Milli gözellik biziň gelin-gyzlarymyzyň owadan, nagşa baý lybaslarynda, ussat zergärleriň olar üçin niýetläp ýasan altyn-kümüş bezeg şaýlarynda jemlenen bolsa gerek. Ene-mamalarymyzyň paýhasyndan emele gelen gadymy nusgalaryň täze nagyşlar bilen utgaşdyrylmagy, täze biçüwler bilen sazlaşdyrylmagy bolsa, lybaslary has-da göze ýakymly görkezýär.
Türkmeniň zergärçilik sungaty hem gadymy döwürlerden bäri halkymyzy bütin dünýä meşhur eden asyl sungatlaryň biridir. Türkmenlerde “Ata kesbi ogla halal” diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Sebäbi päkligiň, halallygyň nyşany bolan bu sungat asyrlarboýy atadan ogla geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten sungat. Türkmen zergärleriniň ezber ellerinde çykan nepisden ajaýyp zynatlary, bezeg şaýlary aýratyn özboluşlylygy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň şeýle täsin milli bezeg şaýlary zergärleriň, ussalaryň ýokary ussatlygynyň we irginsiz inçe zähmetiniň netijesidir. Zergärçilikde esasy çig mal kümüş hasaplanýar, sebäbi ol özüniň arassalygy, ýakymlylygy, ýumşaklygy, süýümliligi bilen tapawutlanýar. Altyn bilen işlenilende bolsa (ýüzüne altyn çaýylanda), ol bu häsiýetlerini ýitirmän, eýsem utgaşyp, sazlaşyp has hem gözel, täsin görünýär.
“Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýip atlandyrylan ýylyň her bir aýy ajaýyp senelere, çärelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Medeni mirasyň ojagy bolup duran Döwlet muzeýi 2018-nji ýylyň 19-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanşykly türkmen halk senetçiligi” ady bilen okuw maslahatyny we onuň çäginde şol at bilen sergi gurnaýar. Okuw maslahatynda we sergide türkmen halkynyň amaly haşam sungatynyň dürli görnüşlerini, senetçiligiň dört pursadyny, ýagny haly sungatyny, keçeçiligi, dokmaçylyk sungatyny, zergärçilik sungatyny wagyz etmek we muzeý gymmatlyklary: ýagny haly stanogynda halynyň ýüwürdilip duran pursady, haly dokamak üçin zerur bolan önümler: ýüň, reňk alynýan tebigy ösümlikleriň görnüşleri, tebigy ýüňleriň, boýalan ýüňleriň görnüşleri, pişge, ýumak, ýüň darak, keser, synny, dokma darak ýaly esbaplar, şeýlede taýýar bolan halylar, halyçalar, haly önümleri sergide goýuldy. Serginiň dowamynda keçe etmek üçin zerur bolan önümler: ýüň, pişge ýüň darak, keçe etmek üçin niýetlenen gamyş, keçäniň güllenşi, taýýar edilen keçe we keçe önümleri hem sergä bezeg berýär. Şeýlede dokmaçylyk senedine degişli bolan muzeý gymmatlyklary: tebigy pile, kelep agajy, perrik, tara guralynda keteniniň ýüwürdilişi, taranyň esbaplary, saçak, guşak dokalýan gylyç, taýýar bolan düýe ýüň saçak, düýe ýüň guşak, milli lybaslar, sergide öz beýanyny tapýar. Serginiň dowamynda elde örülen önümler, olary örmek üçin gerek bolan esbaplar hem sergilenip görkezildi. Bulardan başgada zergärçilik sungatynyň dürli önümleri, ýagny dürli görnüşli bezeg şaýlar sergide görkezildi. “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýip atlandyrylan ýylda türkmen halkynyň milli mirasyny giňden wagyz etmäge döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.