Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistanda guşlaryň köpdürlüligi” atly sergi we tanymal alymlar bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli guralan “Türkmenistanda guşlaryň köpdürlüligi” atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary bilen guralan gyzykly duşuşyga utgaşdy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy.
“Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň Halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar. Ýer ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bu meselä hormatly Prezidentimiziň giň halkara goldawyna eýe bolýan başlangyçlary netijesinde uly üns berilýär we daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi goramak boýunça uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny özünde jemleýän täsirli ekspozisiýasy adamlaryň höwes bilen synlaýan ýerleriniň biridir. Muzeýde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, biologiki baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, her bir raýatyň watançylyk duýgusynda ekologiki sowatlylygy ýokarlandyrmak syýasaty göz öňünde tutulyp, ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary bilen yzygiderli duşuşyklar, sergiler we ylmy-amaly maslahatlar geçirýär. Bu günki duşuşyk hem-de sergi munuň nobatdaky subutnamasydyr.” diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda nygtady.
Soňra duşuşykda biologiýa ylymlarynyň doktory, akademik, professor, Ramsar konwensiýasy boýunça halkara toparynyň ýolbaşçysy Eldar Rustamow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Öwez Sopyýew, Türkmenistanyň milli elguşçular jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ata Eýeberdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Saparmyrat Annamuhammedow, “Ekologiýa medeniýeti” žurnalynyň bölüm redaktory Jumaberdi Artykow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň gürrüň berişleri ýaly, Türkmenistanda guşlaryň Halkara gününi bellemegiň taryhy we olary goramak dünýä belli ornitolog – türkmen akademigi, Halkara tebigaty goramak birleşiginiň geňeş agzasy A.G.Rustamowyň ady bilen baglydyr. Bu tanymal alymyň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti döredildi. Türkmen alymy ÝUNESKO-nyň Guşlaryň gününi bellemek pikirini goldap, Türkmenistanda hem bu güni her ýylyň 1-nji aprelinde bellemekligi teklip etdi.
Şu geçen döwürde bolsa,Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary guşlary, daşky gurşawy goramak pikirlerini wagyz etmekde yzygiderli okuw maslahatlaryny hem-de çykyşlary gurap, uly işleri durmuşa geçirdiler. A. Eýeberdiýewiň we ornitolog J. Saparmyradowyň ýolbaşçylygynda guşlary goramak işlerinde 1999-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň milli elguşçular jemgyýetiniň ähmiýeti uludyr. Bu jemgyýetiň agzalary milli awçylyk däp-dessurlaryny aýawly saklamakda wagyz işlerini alyp barýarlar. Duşuşygyň dowamynda bu jemgyýetiň işi barada film hem görkezildi. Maslahata gatnaşyjylar guşlaryň ýene bir seýrek duşýan görnüşi bolan durnalar baradaky filme hem gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Dünýä ekologik gaznasynyň tagallasy bilen neşir edilen “Türkmenistanyň guşlary” atly meýdan kesgitleýjisi bilen maslahata gatnaşyjylar tanyşdyryldy we bu neşir mugallymlara sowgat berildi.
Duşuşykda tanymal alymlar talyplaryň sowallaryna jogap berdiler. Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, onda ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, suratlary we haly pannolary ýerleşdirilip, olaryň üsti bilen guşlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezilýär. Sergide guşlara degişli ylmy we çeper kitaplara hem-de žurnallara giň orun berlipdir. Bu ýerde ýurdumyzyň guş öwreniji alymlarynyň-ornitologlarynyň portretleri hem ýerleşdirilipdir.