Nowruz – Gözelligiň we Parahatçylygyň halkara baýramy

       

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Milli bahar baýramy mynasybetli gurnan “Nowruz – Gözelligiň we Parahatçylygyň halkara baýramy” atly sergisiniň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 15-nji martynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.

 

Nowruz – Gözelligiň we Parahatçylygyň halkara baýramy

 

        Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrylýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow


 

 

“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçilýär.

2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Nowruz baýramy Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi. Şondan bäri hem bu baýram dostlugyň-doganlygyň baýramy hökmünde dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi Nowruzy baýram hökmünde belleýän halklary, ýurtlary ýene-de bir mertebe ýakynlaşdyrdy. Dostlukly gatnaşyklary öňküdenem ýokary derejä göterdi.

Häzirki döwürde Nowruz Eýranda we Owganystanda 21-nji martdan başlanýan Täze ýylyň resmi başlangyjy hökmünde bellenilýär. Şeýle hem bu baýram Türkmenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Albaniýa, Yrak, Hindistan, Gyrgyzystan, Makedoniýa, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan döwletlerinde we Russiýa federasiýasynyň Tatarystan, Başkyrdystan, Dagystan respublikalarynda we beýleki sebitlerde giňden bellenilýär.

Birleşen Milletleriň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar.

Nowruz gününe gabatlap ýurdumyzda bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy diňe bir tebigatyň däl, ynsanlaryň we milletiň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygyny, dost-doganlygyny dabaralandyrýan baýramçylyga öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Milli bahar baýramy uly dabara bilen bellenilýär we şu sebäpli muzeýde “Nowruz – Gözelligiň we Parahatçylygyň halkara baýramy” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide ussat türkmen suratkeşleriniň eserleri ýerleşdirilen. Türkmen nakgaşlary öz eserlerinde türkmen baharynyň gözel tebigatyny wasp edýärler. Şeýle-de muzeý gaznalaryndan çykarylan milli egin-eşikler, haly we haly önümler, türkmen gelin-gyzlaryň bezeg şaýlary we häzirki zaman zergärçilik eserleri we Nowruz baýramçylygynyň esasy milli tagamy semenäni taýýarlamakda ulanylýan gök maýsalar serginiň görnükli ýerinde orun tutýar.