Primary tabs
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan “Bagtyýar zamanyň türkmen gelin-gyzlary” atly serginiň açylyşy boldy.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän zenanlar, döredijilik we medeniýet işgärleri, il içinde sylagly ak saçly enelerimiz, ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary gatnaşdylar.
Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy we ýygnananlary Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlady. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl bu baýramçylyk mynasybetli kümüş saçly käbelerimizi, baýdak boýly gelinlerimizi, eýjejik uýalarymyzy, çagalar bagynyň körpe gyzjagazlaryny, okuwçy we talyp gyzlarymyzy Şa serpaýy bilen begendirýär. Milli Liderimiziň özleri baradaky aladasyndan ruhlanýan gelin-gyzlarymyz Berkarar Watanymyzyň gülleýişli ösüşlerine, ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda, sagdyn bedenli edip ýetişdirmeklige goşantlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň “Japbaklar” aýdym-saz toparynyň körpe agzalarynyň ýerine ýetiren “Eje jan” we “Mekdebim” diýen aýdymlary dabara özboluşly şatlyk-şowhun çaýdy.
Soňra dabarada Türkmenistanyň halk ýazyjylary, halypa şahyrlar Atamyrat Atabaýew, Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Döwletgelgi Annamyradow, “Ekologiýa medeniýeti” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Jumamyrat Artykow, “Esger” gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Atanyýaz Hangeldiýew çykyş etdiler. Olaryň okap beren goşgularynda bu günki ajaýyp döwrümiz, gelin-gyzlarymyzyň asyllylygy, gözelligi, belent adamkärçilik sypatlary ussatlarça wasp edilip, ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň professory, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Amanguly Magtymow, TYA-nyň merkezi kitaphanasynyň direktory Şemşat Altyýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşulular geňeşiniň agzasy, 52-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnabat Oglakowa, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdiniýaz Babanyýazow, TYA-nyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Tyllanur Ataýewa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bölüm müdiri Gülnabat Çaryýewa we Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy Gülşirin Agaýewa çykyş edip, ýygnananlary golaýlap gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Olaryň nygtaýşy ýaly, bu ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edildi. Milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolsa, elbetde, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň döredijilik zehini bilen baglydyr. Geçmişde gelin-gyzlarymyz dokaýan halylarynda, çekýän keşdelerinde halkymyzyň taryhyny özboluşly şekilleriň, nyşanlaryň üsti bilen şöhlelendirmegi başarypdyrlar hem-de gadymyýeti şu günümize baglapdyrlar. Hut Beýik Ýüpek ýoly arkaly türkmen zenanlarynyň gol hünäri bolan nepis halylarymyz bütin dünýä ýaýrapdyr. Galyberse-de, Merkezi Aziýada ýüpekçiligiň has gadymy döwürlerde giňden ýaýrandygy bellidir. Şol sanda türkmen gelin-gyzlary özleriniň gaýtalanmajak milli aýratynlyklara eýe bolan ýüpek matalaryny, ketenileri dokapdyrlar.
Serginiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine aýlanyp, bu ýerde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen tanyş boldular.
Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan zenan şaý-sepleri, milli zenan lybaslarymyzyň gadymy nusgalary, halylaryň dürli görnüşi, ussat suratkeşlerimiziň eserleri hem-de häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleri görkezilýär.
Sergide ýerleşdirilen gymmatlyklaryň köp öwüşginli bolmagy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.