Primary tabs
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýetini, şeýle-de muzeý ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, baý taryhy-medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halkara derejesinde okuw-tejribe alyşmak maksady bilen ýurdumyzyň muzeý hünärmenleri 2026-njy ýylyň 17-nji oktýabry – 7-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti tarapyndan guralan halkara «Maddy we ruhy miras – Merkezi Aziýa üçin sebitara taslamasy» atly ýörite hünär sapary amala aşyryldy.
Maksatnamanyň mazmuny we formady Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli ştatlarynyň we şäherleriniň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, muzeý işini dolandyrmak babatdaky öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge gönükdirilendir. Sapar diňe bir umumy merkezi däl, eýsem her bir ştatyň özboluşly aýratynlyklaryny, ýerli dolandyryş edaralarynyň we medeni merkezleriniň alyp barýan işlerini açyp görkezýän aýratyn ştat maksatnamalary esasynda gatnaşyldy. Bu bolsa her bir sebitiň tejribesini jikme-jik öwrenmäge we umumylaşdyrmaga giň mümkinçilik döretdi. Okuw maksatnamanyň başlangyç tapgyry ýurduň paýtagtynda başlanyp, federal derejedäki medeni syýasat, milli muzeýler toplumlary (Smithsonian Institution), arhiw edaralary we taryhy desgalary goramak ulgamlary bilen tanyşdyryldy. 22–27-nji oktýabrda okuw sapagyň dowamy Günbatar sebitde medeni miras obýektleriniň dolandyrylyşy we köpöwüşginli medeni guramalaryň iş tejribesi Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde öwrenildi. Içki sebitleriň we ştat derejesindäki taryhy ýadygärlikleri goramak hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen işleşmek ugurly ýerli maksatnamalar bolsa Aýowa ştatynyň De-Moýn şäherinde we Montana ştatynyň Helena şäherinde amala aşyryldy. Soňra 27–30-njу oktýabrda Florida ştatynyň Tampa, Saint-Petersburg, Sarasota we Lakeland şäherlerinde Günorta regionyň medeni-taryhy ugurlardaky ýerli başlangyçlary we alyp barýan işleri içgin öwrenildi. Okuw sapagyň jemleýji tapgyrlarynda Wiskonsin ştatynyň Miluoki şäherinde sebitara medeni hyzmatdaşlygy we muzeý işini kämilleşdirmek boýunça netijeler bilen jemlendi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti tarapyndan guralan halkara «Maddy we ruhy miras – Merkezi Aziýa üçin sebitara taslamasyna» Döwlet muzeýinden Döwlet muzeýiniň baş gaznalary goraýjysy Goçmyrat Çaryýew hem-de Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölüminiň müdiri Annaoraz Abdyýew gatnaşdylar. Olaryň alan tejribeleri bilen baglanşykly ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki muzeýlerinde okuw-tejribe sapaklary dowam edýär. 2026-njy ýylyň 19-njу noýabrуndа aýynyň Döwlet muzeýinde ABŞ-da geçirilen okuw saparyna gatnaşan wekiller Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baý taryhy we medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen bagly halkara tejribeleri barada okuw maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjy myhmanlar Amerikaly kärdeşler bilen geçirilen duşuşyklarda maddy we ruhy gymmatlyklary sanlylaşdyrmak, muzeý işini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem taryhy ýadygärlikleri goramakda häzirki zaman usullaryny ulanmak tejribeleri barada gürrüň berdiler. Maslahat Döwlet muzeýiniň Çeper dikeldiş we rejeleýiş bölüminde, kitaphanasynda, Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminde dowam etdi. Maslahatyň ahyrynda bolsa, Muzeý işgärleri we ýaş hünärmenler bilen açyk pikir alyşmalar guralyp, geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, tejribe alyşmagy yzygiderli dowam etdirmek barada teklipler öňe sürüldi.





















