Bilim – bagtyýarlygyň binýady

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bilim – bagtyýarlygyň binýady» atly sergi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle hem, watançy, esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli orun eýeleýär. Şeýle hem, sergide türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, çagalaryň okuw pursatlaryndan dokumental arhiw fotosuratlary we häzirki wagtda ýaş nesliň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanýan pursatlaryny açyk görkezýän fotosuratlar sergilenýär. Mundan başga-da, okuw tagtasynyň hala çitilen nusgasy, orta mekdep okuw kitaplary we tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary we olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda myhmanlara söz berildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Begenç Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Mahym Selimowa, Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa gatnaşyp, gyzykly gürrüňleri bilen çykyş etdiler.