2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sergi gurnady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalaryň dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. Ynha, şu gün 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 6-na Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Türkmenistanyň tebigaty we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary” atly muzeý eksponatlaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri görkezildi. Olaryň arasynda torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we başga haly önümleri sergini bezeýärler. Serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda düýpli gyňaçlar, keteni köýnekler, ýaşyl kürteler, çyrpylar, şeýle-de gadymy türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanylan esbaplaryny hem görmek bolýar. Çagalar höwes bilen gymmatlyklar baradaky berilýän gürrüňleri diňlediler. Soňra dynç alýan çagalaryň arasynda guşlar bilen bagly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Döwlet muzeýi tarapyndan geçirilen sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çagalar hem öz gezeginde okamaga, öwrenmäge, türkmen halkynyň däp-dessuryny, gözel tebigatyny, sol bir wagtyň özünde ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmäge hem-de gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag