«Çeper döredijiligiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygynyň çäklerinde guralan sergi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, öwrenmekde, dünýä ýaýmakda hem-de döwrebap ösdürmekde ummasyz işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň kämil önümleri öndürmegi, ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki «Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karary möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň, olaryň kämil önümleri taýýarlamagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýilişi ýaly has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Öz döredijilik kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýan «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly ada eýe bolan ussalara «Çeper döredijiligiň halk ussasynyň» şahadatnamalary gowşurylýar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu hormatly adyň dakylmagy mynasybetli «Çeper döredijiligiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy hem-de «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly adyň şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklardan sergi gurnaldy. Sergide zenanlarymyzyň döreden şekilli haly-pannosyna hem-de keçe we keçe önümlerine aýratyn orun berildi. Mundan başga-da sergide türkmen bagşyçylyk sungatyna degişli milli saz gurallaryna, gelin-gyzlarymyzyň milli şaý-sepleriniň, çaga egin-eşikleridir başgaplarynyň asyl nusgalaryny görmek bolýar. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», Ş.Rejepowyň «Gadymy senet», G.Baýramowyň «Milli şaý seplerimiz», G.Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklarymyz» atly surat eserleri serginiň ähmiýetini has hem artdyrdy. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni mirasy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ogultäç Hojanazarowa alyp bardy. Duşuşykda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil oba Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gözegçisi Gülşat Daňatarowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň Irikli oba medeniýet öýüniň direktory Nurbibi Mämiýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap medeniýet bölüminiň merkezi medeniýet öýüniň folklor toparynyň režissýory Gülnabat Jumaýewa, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Şemşat Kuwwatowa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň Pendi geňeşligindäki Suhty oba medeniýet öýüniň müdiri Güljahan Rozyýewa çykyş etdiler. Şeýle hem Şäher Täçewiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşy mugallymlarynyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli medeniýetimizi ösdürmäge, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.