Amerikan hünärmenleri tarapyndan rejelemek işleri dowam edýär

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki J.Pol Getti muzeýiniň wekilleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde iş sapary başlady. Los-Anjeles şäherinden J.Pol Getti muzeýiniň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we bölüm müdiri, professor Süzan Ganzike, konserwator Fabio Kolombo, Arheologiýa hem-de medeni miras üçin 3D gözleg usullary we tehnologiýalary boýunça professory Juzeppe Salemi Gadymy Merwde tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we dikeltmek boýunça taslama degişli nobatdaky resmi saparyna geldiler. Bu resmi sapar 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 7-20 aralygynda dowam eder. Amerikan hünärmenleri Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini berkitmek üçin ýörite 3D printeriň kömegi bilen Buddanyň kelle böleginiň modelini ýasap getirdiler. Onuň ululygy edil kelläniň asyl nusgasynyň ululygyna barabardyr. Hünärmenleriň bu gezekki iş saparlarynyň maksady kelle bölekleri modele berkidip ýetmeýän parçalary anyklamakdan ybaratdyr. 9-njy iýunda günüň ikinji ýarymynda, Döwlet muzeýine ýokary derejeli myhmanlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň orunbasary Sara Rojers, ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň ýörite kömekçisi Wannesa Widal Kastelýanos, ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň ýörite geňeşçisi Josef Gunnar Sidak, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud şeýle-de ilçihananyň wekilleri geldiler. Olar muzeýiň amerikan hünärmenleriniň rejeleýiş işlerini alyp barýan barlaghanasyna bardylar. Ol ýerde amerikaly hünärmen Süzan Ganzike, myhmanlara Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini rejelemek boýunça alyp barýan işleri barada heýkeleiň kelle böleklerini we modeli görkezmek arkaly giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem alyp barýan işleriniň ähmiýeti, bu iş boýunça toplan maglumatlary we tejribeleri, özlerinde galdyran täsiri hakynda aýdyp berdi. Myhman örän gyzyklanma bilen diňledi hem-de hünärmenleriň edýän işlerine oňat baha berdi. Süzan Ganzike öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan Amerikanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylaryna şeýle mümkinçilikleri döredip berendikleri üçin köp sagbolsun aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň orunbasaryna bolsa, özleriniň alyp barýan işine gyzyklanma döredip, wagt tapyp gelenligi üçin minnetdarlygyny bildirdi.