Arzuwlaryň ak şäheri

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, parasatly, taýsyz tagallalary bilen gül-gülzarlyga öwrülýän eziz Diýarymyz barha ösýär, özgerýär. Aşgabat – bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp utgaşmasydyr. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler Aşgabadyň gündizki görküne görk berse, gijeki täsin yşyklar ony has-da gözelleşdirýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz özünde ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilenligi mynasybetli her ýyl asylly däbe öwrülen 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda «Arzuwlaryň ak şäheri» atly sergi açyldy. Sergide paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy bilen bagly bolan gadymy fotosuratlar, paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň we seýilgähleriň suratlaryny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren kitaplaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine hem-de çeper elli zenanlarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary görkezildi. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Suleýman Ilamanow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagärlik» fakultetiniň mugallymy Mamajan Haýtmyradowa gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň döreýiş taryhy, şäheriň gözellikleri barada sergide örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edildi.