S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetinde göçme sergi gurnady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 6 – 11 aralygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri, at esbaplary we gelin-gyzlaryň lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň gölleri bilen nagyşlanan içi ak pagtaly we pileli horjunlar, gadymy torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we başga haly önümleri sergini bezeýär. Serginiň merkezinde ahalteke atlaryny we türkmen tebigatyny wasp edýän şekilli halylar görkezilýär. Şeýle-de bedew atlaryň bezeg esbaplary: göwüsbent, gözlük, boýunluk ýaly şaý-sepleri görkezilýär. Gadymy döwürden bäri türkmen halky bedewlerine niýetläp dürli haly önümleri dokapdyrlar. Olaryň arasynda sergide eýerlik, at ýapynja, at köýnekçe, eýeri hem-de gamçyny görmek bolýar. Türkmen heýkeltaraşlary ahalteke atlaryny ussatlyk bilen ýasamagy başarýarlar. Sergide behişdi bedewleriň heýkellerini hem synlap bolýar.