“Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

“Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Oguljemal Hojakgaýewa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Allaýar Omarow, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri Sapargül Tirkeşowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Hemra Nurmyradow dagylar gatnaşdylar. Çykyş edenler her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden baýram edilýändigi, Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu baýramçylyk ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti dogrunda hem gürrüň edildi. Çünki bu gymmatly kitapdan Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerine degişli islendik maglumatlary alyp bolýar. Bu kitap ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada baý maglumatlar berýändigi üçin hem gymmatlydyr. Şöhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.