Primary tabs
Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözbaşyny taryhyň köklerinden alyp gaýdýan bu baýram, 2010-njy ýylda BMG tarapyndan halkara derejä çykaryldy, häzirki wagtda birnäçe döwletleriň arasynda «Halkara Nowruz» baýramy diýlip ulydan bellenilýär. Nowruz baýramy halklaryň arasyndaky parahatçylygy pugtalandyrmak bilen bir hatarda, dünýä döwletleriniň arasyndaky ylalaşygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has hem berkemegi üçin esas bolýan dabaraly baýramçylykdyr. Nowruz baýramynyň umumadamzadyň içki dünýäsinde döredýän ajaýyp ruhy alamatlary, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň milli ýörelgelerine gabat gelýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzda halklary ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň biridir. Şeýle hem bu ajaýyp baýramçylyk agzybirligiň, jebisligiň, myhmansöýerligiň, ruhybelentligiň, parahat ýaşaýşyň nyşany hökmünde köňüllerimizde ýer aldy.
Türkmen halkymyzyň Nowruz baýramçylygy bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary bar. Nowruzda esasan, asylly däbe görä, semeni milli tagamy taýýarlanylýar. Bişirilýän birnäçe türkmen tagamlary dost-ýarlara, goňşylara paýlanylýar. Birek-birege mähirli, ýyly gutlag sözleri aýdylýar, ýylyň bereketli bolmagyny arzuw edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gelse Nowruz äleme» atly sergi guraldy. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda goralyp saklanylýan türkmen tebigatynyň gözel bahar paslyny wasp edýän şekilli halylar, ussat suratkeşlerimiziň ýagny A.Jijilowyň «Ak bägüller», Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», G.Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklarymyz», G.Baýramowyň «Milli şaý-seplerimiz», N.Begnazarowyň «Çyrpyly narlar», G.Guseýinowyň «Tans» atly surat eserleri sergide görkezilýär. Mundan başga-da sergide çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden haly önümleri, milli egin-eşikleri görkezilýär. Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milligini görkezýän «Ak öýüň» içinde türkmen zenanlarynyň degirmende un üweýän we Nowruz baýramynyň esasy milli tagamy bolan semenini taýýarlaýan kompozisiýany synlamak bolýar. Şeýle-de serginiň dowamynda zergärçilik eserleri hem-de keramika bezeg önümleri öz beýanyny tapýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.
Sergide Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkiş Mätnazarow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, «Esger» gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ogulnur Saparowa çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli söhbetler edildi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gelse Nowruz äleme» atly sergä aýlanyp gördüler.































