Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergini Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Bu dabara Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa okuw önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Hatyja Mustakowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wagyzçysy Altynjemal Nepesowa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň artisti Zöhre Annaýewa gatnaşdylar we çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler. Serginiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.