Bilim – kämillik ýoly

Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk durmuş ýolunda paýhas, ylym-bilim, sungat bilen egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilimler mirasyny, terbiýe mekdebini döredipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasion ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli şertler döredilýär. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bilim – kämillik ýoly» atly sergi gurnaldy. Serginiň dowamynda türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserlerini görmek bolýar. Şeýle-de, sergide Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişikler açylyp görkezilýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary, olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Serginiň dowamynda taryhy fotosuratlar görkezilip, şol fotosuratlaryň üsti bilen ilkinji alnan bilimler barada düşünje almak bolýar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynyň we synp tagtasynyň hala geçirilen nusgasy görnükli orun eýeleýär. Baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çayýew alyp bardy. Soňra sergä gatnaşyjy myhmanlara söz berildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Şirinjemal Ýegelekowa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň jogapkär kätibi Gülsoltan Annagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Annagül Şirliýewa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Aýjeren Işangulyýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi Mähri Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Mahym Selimowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Aknabat Myradowa gatnaşyp täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.