Primary tabs
Submitted by museum on 03.03.2025
Bahar bägülleri kimin owadan, nurana, mähriban türkmen zenanlarymyza sylag-sarpa, hormat goýmak ýaly asylly däpler bagtyýar zamanamyzda has-da özboluşly öwüşgine eýe bolýar. Erkana Watanmyzyň goýnunda türkmen gelin-gyzlary, jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekip döwletimiziň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar.
Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa mährem enelere bolan oňyn gatnaşyklaryny özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralanýar. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli ähli zenanlarymyza, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurulýar. Şunuň bilen birlikde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Bu zenanlarymyzyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, Watanmyzyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zenanyň bagty-zeminiň bagty” atly sergi gurnaldy.
Muzeýiň gaznalary gadymy gymmatlyklara örän baýdyr. Serginiň başynda türkmen zenanlaryny bezeýän bahar paslynyň owadan reňklerini ýatladýan ýaşyl, sary, ak çyrpylaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär. Türkmen zenanlaryny bezeýän gymmatly şaý-sepleri we häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi sergide orun tapýar. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyz Y.Gylyjowyň “Jadyly nagyşlar”, Ş.Akmuhammedowyň “Halk döredijiligi” atly eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gaýdýan inçe senedini wasp edýärler. R.Muhammedowyň “Ene”, G.Barannikowanyň “Gelin” ýaly eserlerini görmek bolýar. Ş.Rejepowyň “Gadymy senet” atly eserinde çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Kupriniň nakgaş eseriniň bolsa reňkleriň ýitiligi ýaz paslynyň ajaýyplygyny ýatladýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory – Meretgeldi Çaryýew açdy.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň halypa artisti, belli kino aktýory, Türkmenistanyň Halk artisti- Öwez Gelenow.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli sahna ussady, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti-Batyr Çaryýew. Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň mugallymy, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi- Ogultäç Babaýewa.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň 1 derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri - Oguljemal Orazdurdyýewa.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisty. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri - Gülşirin Annamyradowa.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy kafedrasynyň” uly mugallymy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri- Aýgül Ýagşyýewa, Dürligözel Çaňlyýewa.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy-Kerwen Ýowbasarow.Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri – Azat Annaýew. Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy- Jumaberdi Artykow çykyş etdiler.