Primary tabs
Submitted by museum on 28.02.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni jebislige, agzybirlige, parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Ýurdumyzda her ýylyň mart aýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli birnäçe medeni çäreler geçirilýär we sergiler guralýar. 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda däp bolan “Talyp Gözeli” bäsleşigi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanyp guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan türkmen halkyna mahsus bolan maddy-medeni gymmatlyklaryna degişli sergi guraldy. Bu sergide türkmen halkynyň milli halylary we haly önümleri, milli egin-eşikler, durmuş esbaplary sergide görkezildi. Şeýle ajaýyp göçme sergileriň yzygiderli guralmagy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.