Primary tabs
Submitted by museum on 16.10.2024
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watany söýmegiň, oňa gulluk etmegiň beýik nusgasyny döredýär. Hut şonuň üçin hem şahyryň şygyrlary halkymyzyň göz guwanjyna, terbiýe mekdebine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu düşünje has-da aýratyn mana eýe bolýar. Sebäbi türkmen şygryýetiniň taryhyny, türkmen nusgawy şahyrlarynyň bize goýup giden şygyr mirasyny halkymyzyň ruhy atasy Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Çünki ol, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, milli medeniýetini ösdürmekde örän uly işleri bitiren beýik akyldardyr. Beýik şahyryň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Şahyryň paýhasly pikirlerini, edebi mirasyny halkymyza tanyşdyrmakda türkmen žurnalistleriniň orny uludyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärler bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa Magtymgulynyň şygyrlarynda adamkärçilik, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk ýaly durmuşyň şu günki meseleleriniň ussatlyk bilen beýan edilýändigi hakynda gürrüň berse, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa halkymyzyň ruhy-ahlak keşbi, ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri baradaky pikirleriň şahyryň şygyrlarynyň içinden erş-argaç bolup geçýändigini anyk mysallar arkaly beýan etdi. Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň bölüm müdiriniň orunbasary Goçmyrat Çaryýew Döwlet muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar mynasybetli açylan bir ýyllyk sergide goýulan gymmatlyklaryň sergini görmäge gelýänlerde uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet muzeýiniň hemişelik sergi zalynda hem Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly eksponatlar ýerleşdirilen. Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew şahyryň filosofik pikirleriniň könelmeýän, hiç haçan öz gymmatly täsirini ýitirmeýän gollanmadygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň edebi mirasyny goramak hem-de wagyz etmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrülendigini belläp geçýär.
Bu günki gün şahyryň şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň metbugat sahypalaryny bezeýär.