Bilim – ösüşleriň badalgasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni giň gerim bilen bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bilim – ösüşleriň badalgasy» atly sergi gurnady. Serginiň dowamynda ýurdumyzyň ajaýyp ösüşini wasp edýän zergärçilik eserleri, kitap tekjelerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan birnäçe kitaplary şeýle-de okuw kitaplary görkezilýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary bolan barlaghana enjamlary, olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Sergide Döwlet muzeýiniň Ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan taryhy fotosuratlara orun berilýär. XX asyryň başlarynda türkmen halkynyň ýaş aýratynlygyna garamazdan, ylyma, bilime üns berendiklerini, okuw sapaklaryny geçiş pursatlaryny dokumental fotosuratlaryň üsti bilen görmek bolýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişlikler açylyp görkezilýär. «Ilkinji harp» ýazgyly synp tagtasynyň hala geçirilen nusgasy, P.Garryýewiň «Galkynyş döwrüniň bilim ulgamy» atly nakgaş eseri sergide görnükli orun eýeleýär. Her ýyl ak mekdeplere 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berilýär, şol sowgatlyk kompýuterleriň biri hem sergide görkezilýär. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça geçirilýän netijeli işler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir.