Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmeginde we goralyp saklanylmagynda ýetilen sepgitler we garaşylan netijeler” atly halkara ylmy duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmeginde we goralyp saklanylmagynda ýetilen sepgitler we garaşylan netijeler” atly halkara ylmy duşuşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhyň altyn sahypalarynda möhüm orun eýelän arheologik ýadygärliklerimizi, şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän maddy medeni mirasyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň taryhymyza, maddy medeni mirasymyza bolan çäksiz sarpasyny artdyrýar, kalplarynda beýik buýsanjy döredýär. Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagy parz iş hasaplaýan Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işleri geçirilip, bu işde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy hem-de Italiýa ýaly döwletler bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylýar hem-de özara tejribe alşylýar. 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmeginde we goralyp saklanylmagynda ýetilen sepgitler we garaşylan netijeler” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň rejeleýji alymy Estel Ottenwelter, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa, Italiýanyň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş we arheologiýa barlaglary boýunça Turin merkeziniň direktory, arheologiýanyň doktory, professor Karlo Lippolis, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten muzeýiniň ylmy işgäri Martina Rugiadi, Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň mugallymy, arheologiýanyň doktory Paul Wordsworth çykyş etdiler.