Primary tabs
Submitted by museum on 01.06.2023
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Watanyň geljegi-bagtyýar nesil» atly sergi gurnaldy
Her ýylyň birinji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda we Türkmenistanda şatlygyň we bagtly çagalygyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenip geçilýär. Çagalaryň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk – bu Ýer togala-gynyň ähli adamlaryna çagalaryň hukuklaryny unutmaly däldigi baradaky çagyryş bolup ýatlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen asuda, abadan ýurdumyzyň geljegini nurlandyrjak ýaş nesliň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak, çagalarda has kiçi ýaşlaryndan başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek uly ähmiýete eýedir.
Arkadagly Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr.
Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watanyň geljegi-bagtyýar nesil» atly sergi gurnaldy. Serginiň adyndan belli bolşy ýaly, biziň geljegimiz bolan çagalaryň kämil ösüşi barada gürrüň berýän gyzykly fotosuratlar, dürli gymmatlyklar görkezilýär. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasyndan çykarylan türkmeniň milli çaga geýimlerini, dürli şaý-seplerini görmek bolýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.
Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gülnar Rejepowa belli kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň ,,Bagyşlama’’atly sazyny çalyp berdi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri öz çykyşlaryny etdiler. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, ,,Gyzyl kürte ‘’atly çeper filmiň baş gahrymany, ,,Gulbaba’’ atly çagalar baýragynyň eýesi Ibraýym Baýramowyň gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Jennet Mekanowa aýdym aýtdy. Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 3-nji çagalar saz-sungat mekdebiniň okuwçysy Bagtyýar Ýusupmedow Belli kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň ,,Dutaryň owazy’’atly sazyny çalyp berdi. Sirk işgärleri öz oýunlaryny görkezdiler. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 5–nji synp okuwçysy Seýrana Abylowanyň çykyş etdi. A.S. Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň işgärleri öz çykyşlaryny görkezdiler. Dabarany Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew alyp bardy.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Watanyň geljegi-bagtyýar nesil» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.