Primary tabs
Göwünleriň joşguny – milli bahar baýramy
Türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Bu baýram gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Nowruz baýramy bilen baglanşykly halk arasynda gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýän yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň ençemesi bar. Gül-gülälekli ýaşyl öwsüp oturan ýaýlalarda hiňňildikler dikilmegi, türkmeniň milli senedi bolan gazma dutarynyň we gyjagynyň sesi, halypa bagşylaryň belent owazy, al-elwan bezenip çykan perileriniň läle kakyp, monjugatdy oýnaýyşlary, ýigitleriň ýaglyga towsup, pälwanlaryň göreş tutuşlary Nowruz baýramyny şatlyk-şowhuna besleýär. Nowruz baýramy, halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklaryň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde giňden bellenilip geçilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Göwünleriň joşguny – milli bahar baýramy» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan tebigatyň gözelligini, milli mirasymyzy özünde jemleýän ussat suratkeşlerimiziň eserleri, türkmen zenan şaý-sepleri we sünnälenip bejerilen el işleri, häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Serginiň dowamynda milli lybasly gelniň hamyr ýaýyp oturyşy, ak öýi bezeýän haly we haly önümleri, öý hojalygynda ulanylan esbaplary, Nowruz baýramynyň buşlukçysy bolan semeni, pişme, bugdaý maýsasynyň sergilenmegi özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Sergide ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, owadan ösümliklerini, haýwanat dünýäsini janlandyrýan şekilli halylar görnükli orun tutýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýewiň gutlag sözi bilen açdy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Aşgabat şäheriniň Ýaşullar geňeşiniň agzasy Bibigözel Mammedowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Ödebaýewa Sülgün, Bäşim Nuraly adyndaky ýörite çagalar çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraş mugallymy Nurmammedow Nurmammet, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň mmedeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Laçyn Annaorazowa çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Göwünleriň joşguny – milli bahar baýramy» atly sergä aýlanyp gördüler.