Primary tabs
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halypa we ýaş ýazyjy – şahyrlaryň gatnaşmagynda stoluň başyndaky söhbetdeşlik
Söz sungatynyň ajaýyp wekili, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň edebiýatyna däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna bimöçber goşant boldy. Her bir ynsan şeýle beýik şahsyýetiň döredijiligi bilen içgin tanşyp, onuň şygryýet ummanyndan ruhlanýar.
Beýik akyldaryň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde edebi çeşme bolup durýar. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginiň içinden watançylyk, il-ýurt, dost-doganlyk, wepalylyk, ynsan terbiýesi, halal hem arassa zähmet, tebigat, liriki we beýleki temalar eriş-argaç bolup geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä giňden äşgär etmekde, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde uly işler amala aşyrýar. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasynyň, şahyrana döredijiliginiň, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini has çuň açyp görkezmek, giň köpçülige ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halypa we ýaş ýazyjy – şahyrlaryň gatnaşmagynda stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige Oguljemal Çaryyewa – Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr, Orazguly Çyrryýew – Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, şahyr, Durdymyrat Atdaýew – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Medeni aň-bilim işleri” bölüminiň müdiri, Süleýman Haýdarow – Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby, Süleýman Durdyýew – Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby gatnaşdylar.