Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

Ýylyň şygary nesilleriň köňül çyragy

 

Jemgyýetimiziň ösüşinde ylym esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler hem ylmyň, ösen aňyýetiň netijeleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň ylmy taýdan ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi öňde goýulýar. Şeýlelikde ýurdumyzda ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen aýdyň maksatly beýik işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy işleýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň ýanynda aspiranturalar hem-de doktoranturalar hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda dünýä ylmynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çygary” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri Maksat Meredow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy, institutyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Babajan Bekmurzaýew,                          S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, uniwersitetiň Ýaşlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Şahymuhammet Şahyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy-usulyýet bölüminiň müdüriniň orunbasary Sülgün Berdiýewa, Medeni aň-bilim işleri bölüminiň uly ylmy işgäri Gülälek Mämiýewa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak hünäriniň 3-nji ýyl talyby Serwi Pygamowa gatnaşyp, döwletimizde ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, alyp barýan ylmy işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem olar ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygyny kämilleşdirmäge, hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmalarynyň artmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual ulgamyny kemala getirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidigini bellediler.