Primary tabs
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahat, dostana goňşuçylyk we ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Milli goşunymyz parahatçylygy, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbidine halkymyzyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, islendik dawa-jeňjeliň, urşuň soňunyň ýaramazlyk bilen gutarýandygyna çuňňur akyl ýetirip bilen gadymy milletimiz, her dürli dartgynly meseleleri parahatçylykly çözmegiň hötdesinden gelipdirler. Ine ata-baba şeýle häsiýetleri özünde jemlän halkymyzyň bu kämil ýol-ýörelgesi, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinamyzda öz beýanyny tapýar.
27-nji ýanwar ýurdumyzyň, parahatçylygynyň goragynda duran gujur-gaýratly gerçeklerimiziň, Watan goragçylarynyň günüdir. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Belent borja wepalylyk” atly sergi guraldy. Oňa harby gullukçylar, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň okuw jaýlarynyň talyplary we okuwçylary gatnaşdylar.
Sergi Döwlet nyşanlary, hormatly Prezidentimiziň portreti, Watan goragynyň mukaddesligi barada aýdan paýhasly jümleleri bilen açylýar. Onda mähriban Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar görkezilýär. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän fotosuratlar, ýurdumyzyň milli Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, dürli halylar we pannolar serginiň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Batyr Gylyjow, harby gullukçy, leýtenant Soltanmyrat Taganow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň aýratyn talyplar rotasynyň serkerdesi Tawus Tagandurdyýewa, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor Nabat Nurgeldiýewa Watan goragynyň mukaddesligi barada çykyş etdiler.