Primary tabs
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” maksatnamanyň çäklerinde 2022-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslama boýunça edilýän işler bilen tanyşmak üçin ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki J.Pol Getti muzeýiniň wekillerini garşylady.
Amerikan wekilleriniň iş saparynyň maksady Merwden tapylan V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we dikeltmek üçin 3D skaner hem-de beýleki enjamlar bilen doly öwrenmekden ybaratdyr.
Iş sapary 2023-nji ýylyň 23-28-nji ýanwary aralygynda dowam eder. Bu çäräniň çäklerinde muzeýiň hünärmenleri bilen alnyp baryljak işler boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda tejribe alyşmak hem-de amerikan hünärmenleriniň talyplar üçin hünär kämilleşdiriş sapaklaryny bermek hem şu çäräniň dowamynda meýilleşdirilýär.
Kämilleşdiriş sapaklary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda alnyp barylar.
Amerikan hünärmenleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň dürli muzeýleriniň hünärmenleri üçin Getti muzeýi barada tanyşdyrmak maksady bilen duşuşyk gurnarlar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni mirasy gorap saklamak we taryhy ýadygärlikleri dikeltmek ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin leksiýa bererler.
Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençler gurnalar.
Umuman, Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek we rejelemek boýunça geljekki işler üçin bu çäre iki tarap üçin bähbitli hem netijeli bolar diýip ynanýarys.