Primary tabs
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň arasynda geçirilen “Arkadagly zamananyň muzeýleri” atly bäsleşigiň jemleýji dabarasy geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň taryhy yzlaryny açyp görkezýän gymmatlyklarymyzyň toplanan ýeri bolan muzeýlerimize uly üns berilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň arasynda “Arkadagly zamananyň muzeýleri” atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň we muzeý şahamçalarynyň ýolbaşçylary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň muzeýleri özara ekspozisiýa we gazna işleriniň guralyşy, ylmy we medeni aň-bilim işleriniň alnyp barlyşy we hünärmenleriň kämillik derejesi ýaly muzeý işiniň ähli görnüşleri boýunça bäsleşdiler.
Geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň we muzeý şahamçalarynyň ýeňijisi bolan muzeý işgärleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Geçirilen bäsleşigiň ahyrynda ýörite bellenilen eminler toparynyň agzalary tarapyndan tapawutlanan muzeýler “Ýylyň iň gowy muzeýi” diýlip yglan edildi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň okuw mekdepleri, muzeý we kitaphana bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýagmyr Öräýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdyýewa, “Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi” diýen ada mynasyp bolan, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, “Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi” diýen ada mynasyp bolan, Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň işgäri Begenç Haknazarow, “Ýylyň iň gowy etrap muzeýi” diýen ada mynasyp bolan, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýiniň işgäri Bezirgen Niýazow, “Ýylyň iň gowy oba muzeýi” diýen ada mynasyp bolan, Akdepe etrabynyň S.Çerkezow adyndaky geňeşligindäki Taryh muzeýiniň başlygy Hojageldi Babaýew, “Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy” diýen ada mynasyp bolan, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki şahamçasynyň başlygy Parahat Durdygylyjow we beýlekiler çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.