Primary tabs
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda we Türkmenistanda şatlygyň we bagtly çagalygyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenip geçilýär. Çagalaryň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk – bu Ýer togalagynyň ähli adamlaryna çagalaryň hukuklaryny unutmaly däldigi baradaky çagyryş bolup ýatlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şeýle bimöçber aladalary bilen asuda, abadan ýurdumyzyň geljegini nurlandyrjak ýaş nesliň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin uly işler alnyp barylýar.
Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak, çagalarda has kiçi ýaşlaryndan başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek uly ähmiýete eýedir.
Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ykbalyň buýsanjy eziz çagalar» atly sergi gurnaldy. Serginiň adyndan belli bolşy ýaly, biziň geljegimiz bolan çagalaryň kämil ösüşi barada gürrüň berýän gyzykly fotosuratlar, dürli gymmatlyklar görkezilýär. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasyndan çykarylan türkmeniň milli çaga geýimlerini, dürli şaý-seplerini görmek bolýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.
Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Bägül Jumaşowa dutarda saz çalyp aýdym aýdýar, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Şowhun» atly topary çykyş edýär, aýdymçy Ogulgerek Durdyýewa aýdym aýdýar, Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry çykyş edýär, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Bibisara Meredowa fleýta, Aýşa Meredowa skripka çalýarlar, A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleri çykyş edýärler.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Ykbalyň buýsanjy eziz çagalar» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.