Primary tabs
Watanymyzyň Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda dünýäniň ähli döwletleri bilen diňe bir özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenilmän, eýsem, ýer togalagynda adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen parahatçylykly, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýol-ýörelge hökmünde saýlanyp alynmagy ugrunda tagalla edilýär. Asuda, parahatçylykly Bitarap Watanymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, watansöýüjiligi, mertligi, edermenligi gahrymançylygy bilen taryhda ebedilik yz goýan merdana pederlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Çünki watanymyzyň üstüne howp abananda, söweş meýdanynda halkyň abadançylygynyň, asuda durmuşynyň, şu günki eşretli zamanamyzyň hatyrasyna gahrymanlarça söweşen gerçek ýigitleriň geçen ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdep bolup, olaryň kalbynda hem aňynda hemişelik ýaşaýar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy adamzadyň taryhynda iň gazaply söweş hökmünde taryha girdi. Türkmen gerçek ýigitleriniň hem ençemesi Watan goragyna gidip, şol aldym-berdimli söweşlerde öz şirin janlaryny pida etdiler. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň söweşde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe goşant goşan zenanlaryň nusgalyk edermenligi, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşlaryň watansöýüji, ýokary ahlakly, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmeginde örän uly ähmiýeti bar. Çünki gaýduwsyzlygyň, merdanalygyň beýik mekdebini döreden pederlerimiz bu günki bagtly döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, parahat ýaşaýşymyzyň binýadyny goýan hakyky watançylardyr.
Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergini Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Dabara Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejepmyrat Allaberdiýew, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirlen orta mekdebiniň mugallymy Aman Hydyrow, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Erkin Kösäýew, «Bereketli toprak» gazetiniň jogapkär kätibi, şahyr Aýnabat Ataýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şäher häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzasy Amangül Ataýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weteranynyň gyzy Arazbibi Garajaýewa gatnaşdylar hem-de täsirli çykyş etdiler. Sergi hormatly Prezidentimiziň, Döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, parahatçylygy, asudalygy wasp edýän zergärçilik eserlerine hem görnükli ýerde orun berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynyň şekili çitilen haly pannosy bu sergä aýratyn gelşik berýär. XX asyryň iň gazaply urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabarasynyň pursatlaryny suratlandyrýan fotosuratlar görkezilýär. Şeýle-de, Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy başga-da birnäçe esger esbaplary sergilenýär. «Ýaraglanyş tehnikasy» atly halynyň nagyşlarynyň özboluşlylygy sergini görmäge gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny, söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretleri, söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallary, frontdan gelen üçburçly hatlary, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen esgerleriň şahsy dokumentlerini synlamak bolýar.