Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi

 

Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we  şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezidentlik wezipesine saýlanan ilkinji günlerinden başlap medeniýet ulgamyny, şeýle-de muzeýleri üns merkezinde saklaýar. Halkyň milli ruhunyň galkynmagy hem-de baýamagy üçin döwlet derejesinde alnyp barylýan işlere, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, muzeýler hem işjeň gatnaşýar.

Muzeý, häzirki güne çenli adamzat jemgyýetinde medeniýetiň ösmegi üçin wajyp orny eýeläp gelýär. Ol ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösmegine hem uly goşant goşýar. Dünýä jemgyýetçiliginde muzeýler halklaryň, dürli döwletleriň arasynda arabaglanyşygy ýakynlaşdyryjy hökmünde hyzmat edýär. Döwletleriň hersiniň özbaşyna dürli syýasata gulluk edýändigine garamazdan, muzeýler hemişe medeniýetiň, milli mirasyň bütewililigi ugruna wepalylygynda galýar.

Muzeýler dünýäniň medeni mirasyna degişli bolan ýurduň maddy-medeni mirasynyň iň gymmatly bölegini geljekki nesiller üçin gorap saklaýar we häzirki döwrüň adamlaryna wagyz etmek maksady bilen ekspozisiýada görkezýär.

«Milli» derejesi bolan muzeýler bolsa, belli bir ýurduň we onda ýaşaýan halklaryň milli özboluşlygyny gorap saklaýar we görkezýär. Milli taryhynyň, milli medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň toplumyny ekspozisiýada görkezýär we alyp barýan işini jemgyýetiň öz milliliklerini duýmagyna gönükdirýär.

«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan, umumydöwlet ähmiýetli muzeý gaznalary bolan, olaryň medeniýet we muzeý işi babatdaky işleri aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýete eýe bolan muzeýlere «Milli» derejesi berlip bilner» diýip bellenilýär. Şeýle hem, «Milli» derejesi bolan muzeýleriň hataryndan ýurduň öňdebaryjy milli muzeýi kesgitlenilýär diýlip aýdylýar.

«Medeniýet hakynda» hem-de «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy» hakyndaky Resminama gol çekdi.

Ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, muzeý işiniň has-da ilerlemeginiň bähbidine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine hoşallyklaryny bildirmek maksady bilen, şu gün, ýagny 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde direktory Meretgeldi Çaryýew alyp bardy. Hoşallyk maslahatyna Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň, «Gökdepe» milli muzeýiniň hünärmenleri, ylmy işgärleri, muzeý işi we ýadygärlikleri goramak hünäri boýunça bilim berýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahat gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy muzeýleriň işgärleri üçin diýseň buýsandyryjy habardygy barada uly joşgun bilen bellediler. Şol bir wagtyň özünde bu resminama, muzeý işgärlerini, Berkarar döwletimizde medeniýeti ösdürmäge, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaş nesli Garaşsyz Diýarymyza, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge hem borçlandyrýandygy barada aýdyp geçdiler.