Primary tabs
Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiniň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019-2025nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň iri muzeýleriniň hem resmi saýtlary işe girizildi. Häzirki wagtda olarda goralyp saklanýan muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýadyny döretmek baradaky işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem häzirki wagtda www.museum.gov.tm internet saýty we www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý internet saýty döredildi. Wirtulal muzeý internet saýtyna giren her bir adam Döwlet muzeýine wirtual syýahat edip bilýär. Bu saýt Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyny wirtual ýagdaýda synlamaga mümkinçilik döredýär. Ulanyjy wirtual syýahatyň öz islegi boýunça gyzyklandyrýan temasyny saýlap bilýär. Olarda: «Gadymy döwür», «Marguş», «Antika», «Orta asyrlar», «Haly» bölümleri, Türkmenistanyň etnografiýasyna we tebigatyna degişli bölümleri bilen şekilleri basmak arkaly zallaryň witrinalarynda, dioramalarda ýerleşdirilen gymmatlyklary golaýdan giňişleýin synlamak we wirtual syýahat etmäge mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki iri muzeýlerinde hem wirtual muzeýleri döretmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň muzeýlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we wirtual muzeýleri döretmegiň ähmiýetini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiniň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory Röwşen Nurmyradow, «Gökdepe» Milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti muzeýi bölüminiň müdiri Amangül Karakulowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň II derejeli inženeri Mekan Rejepdurdyýew, şeýle hem wideo ýazgy arkaly Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň medeni aň-bilem bölüminiň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangybaýewa çykyş etdiler.
Olar çykyşlarynda ýurdumyzda sanly ulgam arkaly häzirki zaman muzeýler ulgamynyň işini gurnamaga, dolandyrmaga we sanly ulgamy kämilleşdirmäge muzeý hünärmenleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada durup geçdiler. Şeýle hem muzeýlerde guralýan sergileriň mazmunyny ösdürmek, muzeýlere gelýänleriň ünslerini çekýän, olary höweslendirýän şertleri döretmek üçin sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hem-de ähmiýeti barada durup geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen wirtual muzeýleriň döredilmeginde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.