Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we maddy-medeni gymmatlyklary

 

2022-nji ýylyň 8-9-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Galkynyş muzeýi» şahamçasynyň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we maddy-medeni gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy.

Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary görkezildi. Okuwçylar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen hem-de Türkmenistanyň goraghanalary tarapyndan ýurdumyzyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramakda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berildi.

Sergide şeýle hem maddy-medeni gymmatlyklarymyza degişli gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, haly we haly önümleri hem-de hojalyk esbaplary görkezildi.

Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary serginiň özlerinde galdyran täsirleri barada aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.