Primary tabs
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyz gülläp ösýär hem-de bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramy uly şatlyk, şowhun bilen bellenilýär. Halkara Nowruz baýramy Milli bahar baýramy bolmak bilen abadançylygy, eşretli ýaşaýyşy, bagtyýarlygy, sahylygy, berekedi aňladýar. Bu baýramçylyk halkymyzyň arasynda parahatçylygy berkidip, milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýan baýramdyr. Türkmen halky Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda oňa ýokary derejede taýýarlyk görýär. Nowruz baýramy bilen baglanşykly däp-dessurlar gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýär. Nowruz – täze gün, Nowruz – tebigatyň täzeden jana gelmegine, bol bereket eçilmegine badalga berýän ajaýyp sene. Baýramçylyk güni adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary edýärler. Biri-birlerine süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler. Giňden ýazylan toý saçaklary dürli tagamlar bilen bezelip esasan, däneli ösümliklerden “nowruz köje», “nowruz ýarma», çörek, semeni, petir, pişme, dograma, gatlama, palow ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýlip atlandyrylýan döwründe Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Nowruz – täze günüň telwasy» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan, tebigatyň gözelligini özünde jemleýän ussat suratkeşlerimiziň eserleri, türkmen zenan şaý-sepleri we sünnälenip edilen el işleri, häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Serginiň dowamynda ussat nakgaşlarymyzyň sergilenen nakgaş eserlerinde ýurdumyzyň gözel ýerleri, ajaýyp ösümliklerdir gülleri şekillendirilýär. Mundan başga-da halkymyzyň öý hojalygynda ulanan esbaplary, türkmeniň ak öýüni bezeýän haly önümleri, Nowruz baýramynda taýýarlanylýan milli tagamlar hem sergilenýär. Sergide muzeýiň sowgatlyklar gaznasynda goralyp saklanylýan ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, owadan ösümliklerini, haýwanat dünýäsini janlandyrýan haly pannolar görnükli orun tutýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – täze günüň telwasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisine döredijilik adamlary, şahyrlar gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew dabaraly ýagdaýda açdy.
Şeýle-de sergide Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Jumaberdi Artykow, Watan mukaddesligi muzeýiniň direktory Röwşen Nurmyradow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşyk guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa çykyş etdiler.