Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi taryhy gymmatlyklaryň ýygnalýan ýeridir. Bu gymmatlyklar biziň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý taryhy geçmişini we köpdürlüligini açyp görkezýär hem-de olaryň üsti yzygiderli ýetirilýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň tanymal geology, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin 40 ýyldan gowrak döwürde çeken eserleriniň ýygyndysyny muzeýe sowgat berdi. Ol awtoryň akwarelde çekilen 50 sany suratyny we grafiki işleriniň 30-syny özünde jemleýär.
Anatoliý Grigorýewiç heniz mekdepde okaýan ýyllarynda nakgaşçylyk bilen gyzyklanyp ugraýar. Aşgabat şäherindäki Pionerler köşgüniň ýaş suratkeşler gurnagyna gatnaşýar. Suratkeşe çotga erk etmegi, reňkleriň gammasyny saýlap almak sungatyny Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Iwan Illarionowiç Ilýin öwredýär. Mugallym onuň tebigaty ýiti saýgarmak ukybynyň bardygyna we çeper özboluşly döredijilik aýratynlygy bilen tapawutlanýandygyna göz ýetirýär.
Iwan Illarionowiç onuň suratlaryny mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Bütinsoýuz bäsleşige Türkmenistanda wekilçilik etmäge mynasyp hasaplapdyr. Onuň bu çaklamasy dogry bolup çykýar. Anatoliniň suratlarynyň ýedi sanysy Moskwa ugradylyp, olar birinji orna mynasyp bolýar. Onuň suratlarynyň biri 1950-nji ýylda “Pioner” žurnalynda hem çap edilýär.
Ýaş suratkeşiň bu üstünliginden soň I.Ilýin onuň sungatda uly geljeginiň bardygyny aýdýar. Emma, Anatoliý Grigorýewiçiň geologiýa bolan söýgi nakgaşçylyk bilen gyzyklanmadan üstün çykýar. Ol orta mekdebi we goşun gullugyny tamamlap, 1953-nji ýylda Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Şol mahal ol ýokary okuw jaýynda geologiýa kafedrasy hereket edýärdi. Sungata söýgi talybyň kalbyndan çykmaýar. Okuwdan boş wagtlary ýörite çeperçilik mekdebine gatnap, özüniň ussatlygyny artdyrýar. Emma, iki ýyldan soň geologiýa kafedrasy ýapylýar. Ýaş ýigit köp pikirlenip oturman, Moskwa şäherindäki Bütinsoýuz politehniki institutynyň daglyk fakultetine, geologiýa we peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary gözlemek hünäri boýunça okuwa girýär hem-de daglyk inžener-geology käriniň eýesi bolýar.
Anatoliý Grigorýewiçiň durmuşy örän gyzykly we wakalara baýdyr. Ol geologiýa-gözleg ekspedisiýalaryna ýygy-ýygydan gatnaşýar. 1980-nji ýylda Moskwada dissertasiýa gorap, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Biziň ýurdumyza we köpsanly daşary ýurtlaryna syýahat edýär. Ol 2005-nji ýyldan bäri alpinistleriň “Agama” klubunyň hormatly agzasy bolmak bilen birlikde Türkmen Politehniki institutynda mugallym bolup işleýär. Ol häzir hem talyplara geologiýa ylmynyň inçe syrlaryny öwredýär.
Anatoliý Grigorýewiç geologiýa muzeýleriniň birnäçesini döretdi hem-de olarda özüniň ýygnan minerallaryny we daşa öwrülen tapyndylaryny sergiledi. Häzirki wagtda ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň täze binasyndaky geologiýa muzeýine ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde diňe bir gadymy daşa öwrülen dürli tapyndylar, biziň ýurdumyzdaky we dünýäniň beýleki sebitlerindäki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklardan başga-da Hojapil belentligindäki dinozawrlaryň aýak yzlarynyň, Köneürgenç meteoridiniň we Boýadag läbik wulkanyndan tebigatyň taýýarlan mulýajlary goýlupdyr. Muzeýiň diwarlaryny A.Buşmakin tarapyndan çekilen örän aýdyň peýzažlar: daşkömür döwrüniň we mezozoý erasynyň iňňän gadymy jandarlarynyň suratlary bezeýär. Mekdep okuwçylary we talyplar muzeýde ýygy-ýygydan bolmak bilen Anatoliý Grigorýewiçiň özüneçekiji ekskursiýalaryndan köp zat öwrenýärler.
Işiniň köpdügine garamazdan Anatoliý Grigorýewiç sungat bilen meşgullanmagy hem ýatdan çykarmaýar. Nirelere syýahat etse-de reňki we kagyzy elmydama onuň ýanynda. Muzeýe tabşyrylan suratlarda Türkmenistanyň tebigatynyň örän gözel künjekleri we taryhy ýadygärlikleri: Nohur şaglawugy, Gaplaňgyr, Sekizýap, Germap, Saýwan, orta asyrlar taryhy ýadygärlikleri Köneürgenç Maşad-Misrian we beýlekiler şekillendirilipdir. 1987-nji ýylda Bagdatda halk hojalygynyň bütindünýä sergisi geçirilýär we şol sergä A.Buşmakiniň Yraga bagyşlap çeken suratlarynyň köpsanlysy gatnaşýar. Türkmenistanyň senagaty pawilonyna jogapkär bellenilen A.Buşmakin ol ýerde gol gowşuryp oturman, eýsem, serginiň myhmanlaryna ekskursiýa hem guraýar. Boş wagtlary bolsa Yragyň ajaýyp ýerleri: “Wawilona girelge”, “Kyrk küýze” suw çüwdürimi, ýolbarsyň heýkeli, Ýewfrat derýasynyň ýanyndaky köşk we beýlekileriň suratlaryny çekdi.
A.G.Buşmakin dünýäniň köp ýurtlarynda bolupdyr. Bu gezelençlere onuň köpsanly suratlary bagyşlanypdyr. Dunaý derýasynyň kenaryndaky parlament binasyny (Wengriýa), Budapeştdäki örän beýik binagärlik desgasyny şöhlelendirýär, Kryma, Kawkaza, Kolsk ýarym adasyna bagyşlanan suratlaryň toplumy sebitleriň tebigatynyň gözelligini beýan edýär. Ukraina, Gyrgyzystan, Özbegistan we beýleki ýurtlaryň ählisi hem onuň işlerinde öz mynasyp ornuny tapypdyr. Anatoliý Buşmakiniň işleriniň sergisi birnäçe gezek guralyp, şonda ýurduň tanymal suratkeşleri onuň döredijiligine ýokary baha beripdirler.
Anatoliý Grigorýewiç Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz boýunça geçiren ylmy ekspedisiýalarynda, esasan, minerallaryň we gazylyp alynýan organizmleriň ýygyndysyny toplapdyr, olar ekspozisiýada we Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň gaznalarynda saklanylýar. Bulardan başga-da onuň “Gaýnarbaba” suraty muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş muzeýiniň girelgesini bezeýär.
Anatoliý Grigorýewiç muzeý bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Sergileriň açylyş dabaralarynda, ylmy-amaly maslahatlarda edýän gyzykly çykyşlary ylmy işgärlere geologik eksponatlary öwrenmeklige ýardam edýär.
Altyýewa Enejan,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri