Primary tabs
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jiltiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň lukmanlaryň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir.
Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, döredijilik adamlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde myhmanlar muzeýde gurnalan «Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň ülkesi» atly sergini aýlanyp gördüler. Serginiň iň görnükli ýerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň hala çitilen nusgasyny, milli Lidermiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynyň hemme tomlary, şeýle hem daşary ýurt dillerine terjime edilen nusgalary ýerleşdirilipdir. Bu sergide muzeýiň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň gaznasynda saklanylýan ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň gerbarileri, şol dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary, ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk serişdeleri görkezilýär. Ýurdumyzyň topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary hem baý tebigatymyzyň gözelligini açyp görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy hem barha ösýär. Sergide ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilen sagaldyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň binalarynyň fotosuratlary görkezilýär.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Bu dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Biologiýa fakultetiniň botanika kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Amangylyç Geldihanow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosenti Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Indira Gandi adyndaky Aşgabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Mahym Gubiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Biologiýa fakultetiniň mugallymy Bahar Daňatarowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat bölüminiň müdiriniň orunbasary, Güljemal Annamyradowa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjow çykyş etdiler.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu ylmy ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.