Primary tabs
Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir ýyly türkmeniň häzirki zaman taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen girýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini baýram edýär. Garaşsyzlyk – beýik dereje, gymmatlyk, ykbal paýy, atalaryň wysal bolan arzuwy.
Bu günki gün mähriban halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Uly hyjuw bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar.
Eziz Watanymyz ösüşleriň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, agzybirligiň, özboluşly gözelligiň mekanydyr.
Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän Watanymyzda milli Liderimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmekde we ony dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýar.
Bu ýyl türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär.
Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär.
Mundan başga-da sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän ajaýyp surat eserleri serginiň mazmunyny düzýär.