Zenan kalby bezegidir zeminiň, dünýä şamçyragydyr zenan edebi

 

            Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, ene-mamalarymyzdan gelýän milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Zenan kalby bezegidir zeminiň, dünýä şamçyragydyr zenan edebi» atly maslahat geçirildi

 

            Maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Biz hemişe onuň ýylysyna çoýunmaly, oňa bil baglamaly.

         Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, milli mirasymyzy gorap saklamagy, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalar edilýär. Bu gün ata Watanymyzda türkmen zenanynyň başarnygyna, ukybyna uly baha berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje türkmen zenanyna nusgalyk mekdep bolup durýar. On barmagynyň hünäri bolan milli keşdeçilik sungatynyň inçe syrlary bilen ýerine ýetiren ajaýyp el-işleri hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

         Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Zenan kalby bezegidir zeminiň, dünýä şamçyragydyr zenan edebi» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Aýjahan Babaýewa, «Zenan kalby» žurnalynyň edebi işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulbaýram Taganowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy usulyýet bölüminiň esasy usulçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gülnäz Atalyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gülöwser Nuryýewa çykyş etdiler.

         Maslahatdan soňra myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň ekspozisiýasyna baryp, Ogulabat enäniň ýerine ýetiren kürtesini ýakyndan synladylar şeýle hem muzeý işgärleriniň gyzykly gürrüňlerini diňlediler.