2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş» atly sergi gurnaldy

2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş» atly sergi gurnaldy

Her ýylyň birinji iýunynda dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da we Türkmenistanda şat­ly­gyň we bagt­ly ça­ga­ly­gyň baý­ra­my bolan Çagalary goramagyň halkara güni bel­le­nip ge­çil­ýär. Ça­ga­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk – bu Ýer to­ga­la­gy­nyň äh­li adam­la­ry­na ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny unut­ma­ly däl­di­gi baradaky çagyryş bolup ýatlanýar.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallalary bilen asuda, abadan ýurdumyzyň geljegini nurlandyrjak ýaş nesliň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak, çagalarda has kiçi ýaşlaryndan başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr.

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş» atly sergi gurnaldy. Serginiň adyndan belli bolşy ýaly, biziň geljegimiz bolan çagalaryň kämil ösüşi barada gürrüň berýän gyzykly fotosuratlar, dürli gymmatlyklar görkezilýär. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasyndan çykarylan türkmeniň milli çaga geýimlerini, dürli şaý-seplerini görmek bolýar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.

          Dabara Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik sungat mekdebiniň mugallymlary Röwşen Öwezliýew, Gülälek Akmyradowa, çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Aýlar Gurbangulyýewa we Güljahan Serdarowa, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginden kinoartisti Ejebaý Öwezjanowa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyndan baş kitaphanaçy Gülälek Garajaýewa, A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleri we «Şowhun» atly sirk topary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.