Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde “Ülkämiziň guşlary” atly sergi gurnaldy

        

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Guşlaryň halkara güni mynasybetli gurnalan “Ülkämiziň guşlary” atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we gidrometeоrologiýa müdirliginiň başlygy, ornitolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Annamuhamedow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Çemen Kuliýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň tebigat gözegçisi Gülnar Çaryýarowa çykyş etdiler.

Serginiň açylyş dabarasynda alymlar Türkmenistanda Guşlaryň halkara gününi bellemegiň taryhy, biziň ýurdumyzda duş gelýän dürli guşlar barada, haýwanat dünýäsini goramakda geçirilýän işler we şol ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty barada çykyş etdiler.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleriniň çagalary “Ýitip giden guşlar” atly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra, fewral we mart aýlarynda muzeýde talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda guşlar boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik kitapçalar hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, onda ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, suratlary we haly pannolar ýerleşdirilip, onda guşlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezilýär. Sergide guşlara degişli ylmy we çeper kitaplara hem-de žurnallara giň orun berilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň guş öwreniji alymlarynyň portretleri hem görkezilýär. Sergide Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan hödürlenen guşlaryň suratlary, janly toty guşlaryň dürli görnüşleri hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan wagtlaýyn berilen guşlaryň gäplerini synlamak bolýar.