Primary tabs
Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramy uly şowhun bilen bellemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we dürli edaralarda Nowruz baýramyna bagyşlap göçme sergileri giňden gurnalýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Nowruz baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 18-nji martynda dabara geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan “Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly göçme sergi gurnaldy.
Sergide görkezilen esbaplar, gelin-gyzlaryň elinden çykan nepis milli egin- eşikler, dürli öý esbaplary, saz gurallary we tebigatyň ähli reňklerini özünde jemlän haly panolar ruhuňa ruh goşýar. Şular ýaly çäreler türkmen halkynyň taryhyny wagyz edýär, ýaş neslimizde ýagty geljege ynam döredýär we olarda Watançylyk söýgüsini oýarýar.