Primary tabs
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ösüşlere, rowaçlyklara we toýdur baýramlara beslenýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy adamzadyň medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram dünýä bileleşigi tarapyndan tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýär. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.
Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip geçilýär. Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar, bagtyň, berekediň gelmegi hökmünde garşylapdyrlar. Nowruz sözi “Täze gün” diýen manyny aňladyp, ol iň gadymy döwürlerden bäri Täze ýyl baýramy hökmünde bellenilip gelinýär.
Nowruz gününe gabatlap ýurdumyzda bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy diňe bir tebigatyň däl, ynsanlaryň we halklaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklary, dost-doganlygy dabaralandyrýan baýramçylyga öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz - parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisine alymlar, döredijilik adamlary, şahyrlar gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew dabaraly ýagdaýda açdy.
Şeýle-de sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, “Bereketli toprak” gazetiniň uly habarçysy, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa çykyş etdiler.