Primary tabs
2021-nji ýylyň 10-njy marty
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgamy ösdürmek boýunça edýän tagallalary netijesinde muzeýleriň arasynda yzygiderli duşuşyklar geçirilip durulýar.
Türkmenistanyň muzeýleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 9-12-nji marty aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly gurnalýan maslahatyň ikinji gününde, has takygy 10-njy martda Amerikanyň Smitson muzeýiniň direktory jenap Brent Glass çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda iki döwletiň Prezidentlerine ýurtlaryň muzeýleriniň arasynda özara pikir alyşmak arkaly gurnalýan maslahatlar üçin we şol bir wagtyň özünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna hem minnetdarlyk bildirdi. Ol çykyşyny ýörite taýýarlan prezentasiýasy arkaly dowam etdi. Onuň çykyşy muzeýleri dolandyrmak, ýolbaşçy işgärleri seçip almak, olaryň kwalifikasiýalaryny ýokarlandyrmak, maliýe serişdelerini çekmekde möhletleýin meýilleşdirmek, muzeýleri ösdürmek, muzeýleri sanly ulgama geçirmek, muzeý gymmatlyklarynyň maglumat bazasyny döretmek, wirtual muzeýleri döretmek boýunça giňişleýin çykyş edip, birnäçe maslahatlary berdi. Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşýan ýurdumyzyň muzeýleriniň işgärleri özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary berdiler. Brent Glass berlen sowallara hem giňişleýin jogap berdi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Brent Glassa muzeýleri sanly ulgama geçirmek boýunça giňişleýin eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty gurnaýjylara sag bolsun aýtdy.