2021-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda sergi gurnaldy

 

Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz etmekde uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnaýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 1-nji martynda «Ak şäherim Aşgabat» atly dabarany geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Ak mermerli paýtagtym» atly göçme sergi gurnaldy.

Sergide gözel paýtagtymyzy suratlandyrýan fotosuratlar, gelin-gyzlarymyzyň dokan ajaýyp şekilli halylary sergilendi. Mundan başga-da türkmen halkynyň gadymy egin-eşikleri, haly önümleri we öý esbaplary giňden görkezildi.