Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň belli alymlary bilen duşuşyk geçirildi

 

Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak we ilaty ekologiýa taýdan terbiýelemek meselelerine uly üns berilýär. Bu tema Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň işgärlerine hem örän ýakyndyr. Bu bölümde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek işi yzygiderli alnyp barylýar.

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi muzeýiň ylmy işgärleri bilen ýurdumyzyň tanymal biolog alymlarynyň duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygy Döwlet muzeýiniň direktory Meret Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewanyň leksiýasy gyzyklanma bilen diňlenildi. Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň esasy ylmy işgäri, entomolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa ýurdumyzda mör-möjekleriň bioköpdürlüligi, tebigatda olaryň ähmiýeti we ýitip barýan görnüşlerini goramak barada geçirilýän işler hakynda gürrüň berdi. Dermanlyk ösümlikler baradaky tema örän wajyp bolup durýar. Ösümlikleriň käbir görnüşleri we keselleri bejermekde ulanylyşy barada şu institutyň ylmy işgäri Maral Sahatowa giňişleýin gürrüň berdi.