Primary tabs
2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi» atly sergi we bäsleşik gurnaldy.
Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary görkezildi. Ondan başga-da Türkmenistanda seýrek duş gelýän we dermanlyk ösümlikleriň suratlary sergilendi. Ýurdumyzyň tebigatyny şekillendirýän peýzaž halylar sergä aýratyn bezeg berdi. Talyplar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da Lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň arasynda guşlar bilen bagly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Guşlaryň Halkara güni mynasybetli Döwlet muzeýinde şu ýylyň 1-nji aprelinde geçiriljek «Ülkämiziň guşlary» atly serginiň açylyş dabarasynda sowgatlar gowşurylar.