Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan goragy mukaddesdir” atly sergi gurnaldy.
Bu günki nesilleriň baş borjy – Zemini parahatçylygyň mekanyna öwürmek! Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen ýola goýýan jebis gatnaşyklarynyň düýp özeninde hem şu asylly maksat ýatyr. Milli Liderimiz alyp barýan daşary we içeri syýasatynda, goňşy döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygynda hoşniýetliligi ündeýär, dünýäde agzybirligiň, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Serginiň ekspozisiýasy döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Türkmenistan Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, milli Goşunymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän gymmatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary serginiň görnükli ýerinden orun aldy, şeýle hem Türkmenistanyň syýasy we harby durmuşy, Watanymyzyň şöhratly taryhyna degişli, bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli babatlarda gazanýan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli halylar we pannolar sergide ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň maýory Jennet Meredowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlygy boýunça hünärmeni Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Aýgözel Nurlyýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuw rotasynyň serkerdesi, kapitan Atamyrat Abdyrahmanow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Toýlymyrat Begmyradow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 10-njy synp harby okuwçysy Kerimberdi Amangulyýew gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Döwlet kitaphanasynyň, Döwlet muzeýiniň işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.