Konferensiýasy

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp başlangyjy bilen öňe sürlen «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda muzeý işini kämilleşdirmekde, şeýle-de türkmen halkynyň baý taryhyny, milli mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde, halkyň arasynda wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynyň işi hem döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp ösdürilip kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi, ýurdumyzyň medeniýet-sungat, döredijilik işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagy uly ähmiýete eýedir. Şu jähtden, 2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Birleşen Milletleriň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Gazagystan Respublikasyndaky Klaster edarasynyň Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan döwletleriň arasynda wideoşekilli onlaýn maslahat geçirildi. Şol onlaýn maslahata Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gatnaşdy. Bu onlaýn maslahatda:

1.Birinji sorag boýunça ýokarda agzalan döwletleriň muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda pandemiýanyň muzeý işine täsiri barada gürrüň edildi. Adamlaryň muzeýi nähili ýagdaýda görüp biljekdikleri barada maslahat edildi we şu ýerde onlaýn sergileri etmeli diýen karara gelindi.

2.Ikinji sorag serginiň haýsy ýurtdan gurnalyp başlamalydygy barada bolup, Ýewropa ýurtlarynyň muzeýleriniň birinden başlamaly diýen netijä gelindi. Bilelikde geçiriljek onlaýn sergide gatnaşýan ýurtlaryň baý mirasyny görkezmek, Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri hökmünde Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň mirasy bilen umumy düşünişmegi ösdürmek barada oňat tejribe alyşmaga kömek eder diýip muzeýiň ýolbaşçysy ynandyrdy.

3.Onlaýn sergä gatnaşmaklyga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Birleşen Milletleriň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan «Ýüpek ýolunyň Owganystandaky, Merkezi Aziýadaky we Eýrandaky mirasynyň – medeni mirasyň Ýewropa ýylynyň halkara aspektleriniň geçelgeleri» atly hyzmatdaşlyk taslamasyny goldady. Muzeýiň direktory Ö.Mämmetnurow geçirilmegi meýilleşdirilýän onlaýn sergä Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň hemişelik sergi zallarynda we gaznalarynda ýerleşdirilen gymmatlyklar: Gadymy Merwe degişli fotosuratlar, Täze Nusaý galasyndan tapylan syrçaly keramika gaplar we Daňdanakan metjidiniň diwarynyň bezeg böleklerini bu hyzmatdaşlyk sergisinde görkezmek meýilleşdirilýändigi barada gürrüň berdi.