Primary tabs
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MUZEÝI
Zakaspiý welaýat muzeýi. Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol gymmatlyklar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi.
1894-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Zakaspiý harby-halk uprawleniýesi muzeýi döretmek barada buýruk çykarýar. 1897-nji ýylda muzeý döretmek maksady bilen ýörite meýilleşdirilip, ilkinji bir gat bina Gökdepede guruldy.
1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Zakaspiý welaýat muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. 1902-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda ýörite jemgyýetçilik kitaphanasynyň muzeýiniň we muzeý jaýynyň gurluşygy başlandy. 1904-nji ýylda bolsa onuň dabaraly açylyşy boldy. 1919-njy ýyla çenli bu muzeý Zakaspiý welaýat muzeýi diýip atlandyrylýardy.
Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş muzeýi. Zakaspiý welaýatynyň harby-halk uprawleniýesiniň buýrugy bilen, 1894-nji ýyldan başlap ýerli ülkäniň egin-eşiklerini, ýaşaýyş öýlerini, iş gurallaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, mineral baýlyklaryny häsiýetlendirýän gymmatlyklaryň toplanylmagy ýola goýulýar. Toplanan gymmatlyklary Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäherinde gurnalan Bütinrussiýa sergisinden gaýdyp gelenden soň muzeý gurnamak üçin esas edip almak bilen karar edildi.
Bu muzeý açylan gününden tä 1925-nji ýyla çenli zoologiýa muzeýi bolup, şol ýylda Döwlet muzeýi diýlip atlandyrylyp başlandy.
1925-nji ýylda Aşgabatda ýerleşen muzeýi “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi diýip atlandyrýarlar.
1927-nji ýylda “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýinde şekillendiriş bölümi açylýar.
1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy döredilip, “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi onuň hataryna girdi.
1963-nji ýylda “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň düzümine girdi.
1985-nji ýylda “Taryh muzeýiniň”, “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň we “Rewolýusiýa göreşijileri” adyndaky memorial muzeýiniň birleşdirilmegi netijesinde “Türkmenistanyň Döwlet birleşen taryh we etnografiýa” muzeýi döredildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi. 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň № 3479 kararyna laýyklykda, öň hereket eden “Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa” muzeýi hem-de “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty” muzeýi birikdirilip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi.
1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran № 8270 Kararyna laýyklykda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” iki gapdalyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” hem-de “Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2009-njy ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistanyň Milli muzeýine” “Türkmenistanyň Baş milli muzeýi” diýen at dakyldy.
2009-njy ýylyň 18-nji maýynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň”, şol ýylyň 29-njy iýunynda bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde gol çeken №12981 belgili Karary bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de hut şu Karar esasynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi” diýlip atlandyryldy. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir.
Gadymy döwür taryhy bölüminde adamzat taryhynyň Türkmenistanyň çäklerindäki ilkidurmuş ýaşaýyş jemgyýetiniň paleolit, mezolit, neolit hem-de eneolit döwürleri ýörite taýýarlanylan dioramalarda, fotosuratlaryň, maglumatlaryň hem arheologik tapyndylaryň üsti bilen görkezilýär. Olar Dam-dam çeşme, Jebel gowaklaryny, Jeýtun medeniýetini, Altyndepe şäherini göz öňüne getirmek üçin ýeňil bolar ýaly görnüşde goýlandyr.
Muzeýiň Marguş döwletine bagyşlanan bölüminde Goňurdepeden tapylan, şol döwrüň ýaşaýjylarynyň dünýäde ilkinji bolup diýen ýaly atlary eldekileşdirendikleri baradaky berýän tapyndylar, marguşly gelin-gyzlaryň dakynan bezegleri, daşdan, mermerden, bürünçden, kümüşden, keramikadan ussatlyk bilen ýasalan önümler görkezilýär.
Günorta Türkmenistanyň çäklerinde gadymyýetde kuwwatly döwletleriň biri bolan Parfiýa döwletiniň dörän ýeri hasaplanýan Köne we Täze Nusaý galalaryndan tapylan täsin tapyndylar toplumy muzeýiň Parfiýa zalyny düzýär.
Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümlerde irki orta asyrlaryň taryhy (V-IX asyrlara çenli), orta asyrlaryň ösen döwürleriniň taryhy (IX-XII asyrlar) hem-de giçki orta asyrlaryň taryhy (XII-XVI asyrlardaky bolup geçen wakalar) arheologik tapyndylaryň, rekonstruksiýalaryň, dioramalaryň, fotosuratlaryň hem-de resmi maglumatlaryň üsti bilen görkezilýär. Türkmenleriň orta asyrlarda guran türkmen döwletleri, beglikleri barada gürrüň berýän şol döwürlere degişli bolan taryhy tapyndylar, Merw, Köneürgenç, Änew ýadygärlikleriniň nusgalary, külalçylyk we syrçalanan bezegli gaplaryň nusgalary, bürünçden ýasalan dürli görnüşli gap-gaçlar muzeý hakynda gyzyklanmalaryň tebigy artmasynyň sebäpleridir.
“Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi” 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu muzeýiň esasy maksady Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty barada gürrüň berýän maglumatlary çuňňur öwrenmek we oňa bolan jemgyýetçilik gyzyklanmasyny güýçlendirmekden hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli işleri bilen bagly täzelikleri, kararlardyr kanunlary, resminamalary halkyň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Ekspozisiýada ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň, daşary ýurtly wekilleriň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we durmuşa ornaşdyrýan işlerine minnetdarlyk hökmünde gowşuran sowgatlaryna görnükli orun berilýär.
“Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi” 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda açyldy. Muzeý binasynyň birinji gatynda muzeý ekspozisiýasy Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanýar. Ikinji gatynda Türkmenistanyň etnografiýasyna degişli sergi ekspozisiýasy ýerleşdirilen. Tebigat muzeýiniň ekspozisiýasy 11 bölümden ybaratdyr.
Bu muzeýiň Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanan ekspozisiýasy Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi baradaky ylmy çaklamalaryň Türkmenistanyň çäklerinde tapylan ösümlik we haýwan galyndylarynyň mysalynda berkidilmegi bilen başlanýar.
Muzeýiň ikinji gatyndaky Etnografiýa bölüminiň ekspozisiýasynda türkmen halkynyň ýaşaýşyň medeniýetiniň, hojalygy ýörediş gelin-gyzlarynyň dakynýan bezeg şaýlarynyň, toý toýlaýyş, bilim beriş özboluşlylygy barada düşünjeleriniň, ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk, balykçylyk, dokmaçylyk, halyçylyk, zergärçilik, senetçilik bilen bagly esbaplarynyň ýasalyş ussatlygynyň, suwaryş ulgamyndaky, binagärçilikdäki we söweş sungatyndaky gazanan tejribeleriniň bir ýere jemlenmesidir.